
07.02.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Altyn nur” toý dabaralar merkezinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde “Halkara Zenanlar güni” mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli dabara geçirildi. Aýdym-sazly çäre “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa hem çykyş etdi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň orkestr toparynyň çykyşlary hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň III ýyl talyby Aýlar Arnageldiýewanyň zenanlaryň, eneleriň waspyny beýan edýän duýga gaplanan aýdymlary belent owaz bolup ýaňlandy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Ogulabat ejäniň, Ogulgerek enemiziň türkmen gelin-gyzlaryna nusgalyk göreldesi baradaky buýsançlar beýan edildi, türkmen zenanlaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy,
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy
Annagül Balkanowa
