
14.10.2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ajaýyp üstünliklere beslenýän taryhy günlerde Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk bagşysy, professor Aşyrmämmet Dawudowyň 95 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Dabaranyň dowamynda halypanyň ömri, döredijiligi, taryha siňen aýdymlary hakynda buýsançly gürrüňler edildi.
Döredijilik duşuşygynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşylar” topary hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk bagşysy, professor Aşyrmämmet Dawudowyň agtygy, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde 2025-nji ýylda geçirilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň Döwlet derejesindäki tapgyrynda ýeňiji bolup, Hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglanan Şamyrat Dawydow dagylar halypanyň döredijiligine degişli aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda medeniýetiň, sungatyň, halypa-şägirtlik ýolunyň ösmeginde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
