
09.12.2025-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Halkara ähmiýetli çärelere Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýolbaşçylyk etdi.
10.12.2025-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly Halkara maslahat geçirildi.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri Sapargül Hallymämmedowa “Bagtyýarlyk” tans topary bilen, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Gülhanym Lametowa, “Hor dirižýory” bölüminiň mugallymy Anna Haýdarowa dagylar öz aýdymlary bilen çykyş etdiler.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa hem şeýle dabaralarda gatnaşyp, 10.12.2025-nji ýylda “Altyn asyr” teleýaýlymynda sagat 22:30-da, 11.12.2025-nji ýylda sagat 13:30-da “Miras”, sagat 17:00-da “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda interwýulary görkezildi.
Halkara maslahatyň ahyrynda zenanlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça 17 sany Jemleýji Resminamalara gol çekilip, Jarnama kabul edildi.
