13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk syýasaty, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda parla ýaşyl Baýdagym”

Baş sahypa/Täzelikler/“Hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk syýasaty, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda parla ýaşyl Baýdagym”
15 Maý 2025 11906 gezek görüldi
“Hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk syýasaty,  Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda parla ýaşyl Baýdagym”

    15.05.2025-nji ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň döredilen güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

    Dabaraly maslahata Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory, TDP-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy K.A.Mededow, jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Balkanowa Annagül hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşylar” topary gatnaşdylar. Dabaranyň başynda “Bagşylar” toparynyň ýerine ýetirmeklerinde M.Garryýewiň sözlerine, Döwletgeldi Ökdirowyň sazyna düzülen “Summaryň nary” atly aýdymy “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň III ýyl talyby Nuraly Ezizow,  “Pes bolmasyn” atly türkmen halk aýdymyny “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň I ýyl talyby Perhat Ýakubow ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

    Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa Türkmenistanyň Döwlet Baýdagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmeginiň taryhy döwürleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatlarynda kabul edilýän käbir kanunçylyk namalarynyň üýtgetmeleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylyk binýadymyzy kämilleşdirmekde alnyp barylýan özgertmeler hakyndaky buýsançly çykyşyny beýan etdi.

    Maslahatyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” geçirilýän jemgyýetçilik, döwlet çärelerinde öz çekýän zähmeti bilen tapawutlanýan, döwletimiziň syýasatyny wagyz edýän wagyzçy hökmünde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory K.A.Mededow, jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgady bilen sylaglandy.

    Dabaraly maslahata gatnaşyjylar parahatçylykly, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige beslenip bellenilýän baýramçylyklaryň dünýäde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli täzelikler