
28.11.2025-nji ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan geçirilen syýasy gepleşigi Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa alyp bardy. Syýasy gepleşikde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň bosagasynda Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan, Gazagystan Respublikalaryna döwlet saparlary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy baradaky hoş habarlar, döwlet saparlaryň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni, “Altyn Kyran”, ýagny “Altyn bürgüt” ordeni bilen sylaglanmagy, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahaty hakynda buýsançly gürrüňler beýan edildi. Çykyş edenler Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyp ýaşlaryna “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda bolup geçýän içeri we daşary syýasatymyzdaky gazanylýan üstünlikler hakynda wagyz-nesihat işlerini alyp bardylar.
Syýasy gepleşik “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edildi.
Dabara gatnaşyjylar Türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk baýramçylygy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni, “Altyn Kyran”, ýagny “Altyn bürgüt” ordeni bilen sylaglanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
