13 mart 2026 sagat 13:59
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Informatika ders bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Baş sahypa/Täzelikler/Informatika ders bäsleşiginiň jemi jemlenildi
26 Noý 2025 8004 gezek görüldi
Informatika ders bäsleşiginiň jemi jemlenildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, goň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde, bäsleşiklerde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlarymyzyň sany ýylsaýyn artýar.

    “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 26.11.2025-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika we informatika okuw dersleri boýunça Döwlet derejesinde ders bäsleşigi geçirildi.

    Döwlet derejesinde geçirilen bäsleşigiň informatika okuw dersi boýunça Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyby Atagylyjow Mämmetgylyç Hemragylyjowiç gatnaşyp, Döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrda II orna mynasyp bolmagy başardy.

    Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplara Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ähli gatnaşyjylar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda talyp ýaşlaryň şahsy ukyplaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarynyň çäksizdigini buýsanç bilen beýan etdiler.

Ähli täzelikler