13 mart 2026 sagat 14:06
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Kitap-dünýäniň açary”

Baş sahypa/Täzelikler/“Kitap-dünýäniň açary”
14 Noý 2025 8380 gezek görüldi
“Kitap-dünýäniň açary”

    14.11.2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren eserleriniň gadyr-gymmatynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlara düşündirmek hem-de kitaba bolan söýgini, kitap okamak endigini artdyrmak,  baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, golaýda Balkan welaýat kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde yglan eden “Kitap-dünýäniň açary” atly zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine laýyklykda talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň “Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy”, “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly eserleriniň many-mazmunyny giňişleýin beýan etmegi başardylar. Bäsleşik çekeleşikli dowam edip, talyp ýaşlaryň eseriň magumatlaryndan düzülen soraglara anyk jogap bermekleri bilen jemlendi. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplaryndan düzülen topar I orna, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar II orna, “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar III orna eýe boldular. Bäsleşikde ýokary derejede çykyş edip, öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň adyndan  ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

    Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinden düzülen toparda “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyby Soltan Mämiýewa, “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Ogulbike Aşyrowa, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II ýyl talyby Humaý Gurbangeldiýewa, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň II ýyl talyby Abdylrakyp Tagangylyjow, “Dizaýn” bölüminiň II ýyl talyby Toýgeldi Toýgeldiýew dagylar gantaşyp, üstünlik gazandylar.

    Bäsleşigiň dowam edýän pursatlary “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edildi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Umyt Gurbanow interwýu berdi.

    Bäsleşigiň ahyrynda many-mazmuna ýugrulan, gymmatly taryhy maglumatlary özünde jemleýän eserleriň talyp ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolup, her birimiziň gymmatly gollanma hökmünde yzygiderli peýdalanmaklary hakynda buýsançlar aýdylyp, gymmatly eseri türkmen halkyna sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.

Ähli täzelikler