13 mart 2026 sagat 14:00
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Konserwatoriýada myhmançylykda

Baş sahypa/Täzelikler/Konserwatoriýada myhmançylykda
23 Apr 2025 12457 gezek görüldi
Konserwatoriýada myhmançylykda

    “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen bu ajaýyp ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan beýik işler we maksatlar aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda günsaýyn özgerýän, ösýän Diýarymyz bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär.

    Sungatyň sarpalanýan zamanasynda medeniýet ulgamynyň ösmegi, ýaş zehinleriň ýüze çykmagy, aýdym-sazly dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ýaňy ýakynda hem Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşylar” we “Dutarçylar” toparynyň "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”  mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Konserwatoriýada myhmançylykda” atly konserti geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly “Parahatçylyk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmen halky bolsa taryhyň ähli döwürlerinde-de parahatsöýüjilik ýörelgesine ygrarly bolan halkdyr”. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan bu ajaýyp ýylymyzdan ruhlanýan bagşylar konsertiň başyny A.Mededowyň sazyna, N.Gurbanmyradowyň sözlerine parahatçylygy belent heňde wasp edýän “Parahatlyk aýdymy” atly aýdym bilen başladylar.  Konsertiň dowamynda bagşylaryň hem-de dutarçylaryň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr  sazlar nobatma-nobat yzygiderli ýaňlandy. Konsertde dutarçylar topary birnäçe türkmen halk sazlary bilen birlikde Nurmuhamet Garlyýewiň, Akmyrat Çaryýewiň, Ýolaman Nurymowyň, Şamyrat Gurbannepesowyň döreden sazlaryny hem uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Aýratynam, dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ilkinji gezek ýaňlanan “Müşgül” atly türkmen halk sazy A.Mededowyň “Bagt mukamy”, “Söýmüşem seni” hem-de N.Garlyýewiň “Arzuw etdim” atly sazlary tomaşaçylarda özboluşly täsir galdyrdy. Bagşylaryň  ýekelikde ýerine ýetiren aýdymlary hem biri-birinden tapawutly boldy. Talyplaryň ýerine ýetirmeginde “Ýar gözlär”, “Summaryň nary”, “Pes bolmasyn”, “Ýar otagynda”, “Paş eder seni”, “Hoş eder men” ýaly aýdymlar hem konsertiň dowamynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Bu bolsa biziň ata Watanymyzda, eziz Türkmenistan diýarymyzda aýdym-saza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halypa-şägirtlik ýoluna giň ýol açylandygynyň subutmasydyr. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde hem halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini äşgär edýän, ýagny mekdebiň bagşy mugallymlary S.Oraztuwakow, A.Goýunlyýew, Ş.Dawydow tarapyndan ýerine ýetirilen “Annasoltanym meniň”, “Aýa meňzär”, “Ak ýüzli Maralym” atly türkmen halk aýdymlary konsertiň täsirini has hem artdyrdy.

    Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilýän aýdymdyr sazlaryň arasynda alyp baryjy tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitaplaryndan jümleler okaldy. Kitaplarda beýan edilýän aýdym-sazyň adamyň durmuşyna, kalbyna, onuň içki dünýäsine täsiri, jadyly güýji, jemgyýetiň ruhy taýdan kämilleşmeginde aýdym-sazyň tutýan orny barada, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaplarynda bagşy-sazandalara goýulýan belent sarpa hakynda, milli mirasymyzy goramakda, ony nesillere ýetirmekde olaryň alyp barýan işleriniň gymmaty hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

    Konsertiň dowamynda bu günki çykyşlara tomaşa eden halypalar Türkmenistanyň halk artisti A.Çaryýewden, Ý.Nurymowdan Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşylar” we “Dutarçylar” toparynyň çykyşlaryna ýokary baha berildi, halypalar ýerine ýetirilen aýdym-sazlar üçin olara minnetdarlyk bildirip mundan beýläkde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew hem öz gezeginde bu aýdylanlaryň üstüni ýetirip, şular ýaly konsertleri geçirmegiň indi asylly däbe öwrülendigini we bu babatda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserwatoriýa bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, geçirilýän her bir dabaralara, konsertlere, ylmy-amaly maslahatlara, onlaýn konferensiýalara işjeň gatnaşýandyklaryny aýratyn bellemegiň zerurdygyny aýdyp, öz adyndan hem-de ähli konserwatoriýanyň adyndan mekdebiň direktoryna hem-de ähli mugallymlaryna, talyplaryna minnetdarlyk bildirdi we köp sagbolsunlaryny aýtdy.

    Konsertiň ahyrynda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagşy-sazandalara goýýan belent sarpasy üçin, halypa-şägirtlik ýolunyň  ösmegine döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin köp-köp sagbolsunlary aýdylyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ähli täzelikler