13 mart 2026 sagat 14:02
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Magtymguly-ylham çeşmesi” atly bäsleşik

Baş sahypa/Täzelikler/“Magtymguly-ylham çeşmesi” atly bäsleşik
14 Maý 2025 11924 gezek görüldi
“Magtymguly-ylham çeşmesi” atly bäsleşik

    14.05.2025-nji ýylda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanyp, Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşi bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Balkanabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Magtymguly-ylham çeşmesi” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen ýaşlaryň zehinlerini çuňlaşdyrmakdan we olary watançylyk ruhunda terbiýelemekden, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çuňňur öwrenmekden, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlarynyň kitap okamaklyga bolan söýgüsini artdyrmakdan, kitaphana işinde kämil täze döwrebap usullary ornaşdyrmakdan, ýaşlara döwrebap, medeniýetli hyzmat etmekligi kämilleşdirmekden, kitaphana işinde täze sanly ulgamy ornaşdyrmakdan ybarat boldy.

    Bäsleşik bir tapgyrdan ybarat bolup, şertlerine laýyklykda  her okuw mekdebinden 3 sany talyp gatnaşyp, olar ilki akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakynda rowaýatlary, Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy baradaky jümlelerini ýatdan aýdyp, alypbaryjynyň şahyryň goşgularyndan aýdyp beren bendiniň yzyny ýatdan dowam etdiler. Bäsleşigiň bu şertiniň üsti bilen talyp ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan bilýändiklerini ýene bir gezek subut etdi. Bäsleşigiň ahyrky şertine görä, bäsdeşler “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanyp, şygyrlaryň, çykyşlaryň üsti bilen ýürek buýsançlaryny uly joşgun bilen beýan etdiler.

    Emin agzalary gatnaşyjylaryň başarnyklaryna, çykyşda özlerini alyp baryşlaryna, şertlerini doly we dogry ýerine ýetirişlerine, bilimine hem-de zehinine görä baha berdiler.

    Bäsleşigiň ahyrynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň I ýyl talyby Aşyrowa Ogulbike, “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Mämiýewa Soltan, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň IV ýyl talyby Meredowa Gülzada dagylardan düzülen topar I orna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplaryndan düzülen topar II orna, Balkan Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar III orna mynasyp boldular.  

    Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Balkan welaýat kitaphanasy tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

    Gatnaşyjylaryň ýüreklerinde ýaşlaryň zehinlerini açyp görkezmeklerine giň mümkinçilikeri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegi baraky buýsançlar beýan edildi.

Ähli täzelikler