
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynda bolup geçýän ösüşdir özgertmeler, Hormatly Prezidentimiziň bu ugry ösdürmek bilen bagly kabul edýän göwün galkyndyryjy çözgütleri, medeniýet we sungat adamlaryny, döredijilik işgärlerini, talyp ýaşlary has-da yhlasly işlemeklige, döretmeklige borçlandyryp, täze döredijilik gözleglerine atarýar.
Garaşsyz Diýarymyzda hereket edýän döwrebap medeniýet, sungat ojaklary bolsa, Hormatly Prezidentimiziň bu ulgamyň döredijilik adamlaryna sarpasynyň çäksizdiginiň aýdyň beýanydyr.
Adamzat ähliniň kalp ylhamyndan syzylyp çykýan şirin mukamlaryň özara sazlaşygy bolan sungatyň öwrümli, öwüşgine baý äleminiň her ülşüniň hem özüne ýeterlik taryhy, gyzykly söhbedi bar.

Toý-baýramlaryň bezegi, asly gadymyýetiň çuňluklaryny boýlaýan milli aýdym-saz sungatymyzy has-da ösdürmek, kämilleşdirmek barada taýsyz tagalla edýän Hornatly Prezidentimiziň sungata höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen kabul edýän göwünleri galkyndyryjy çözgütleri olaryň sanynyň has-da artmagyna mümkinçilik döretdi.
Bu günki gün gözbaşyny gadymyýetiň köklerinden alyp gaýdýan eziz ata Watanymyz asudalygyň, abadanlygyň, baky bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bolelin hem-de eşretli durmuşyň mekanyna öwrüldi. Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni il-halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerde ýaşlarymyzyň saldamly goşantlarynyň bardygyny geçirilýän dabaralarda aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. Sebäbi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar baradaky alada Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy we aýrylmaz bölegidir. Gahryman Arkadagly, Arkadag Serdarly ata Watanymyzda bu döwletli tagallanyň miweleri ýaşlarymyzyň bagtyýarlygyny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň her bir döredijilik adamsy öz hünäri bilen döwrümiziň waspyny ýetirýär.

"Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen döredilýän mümkinçilikler talyp ýaşlaryň döredijilik dünýäsini bezeýär. Olaryň talyp kalbynyň joşgunyndan döreýän sungatynda döwrümiziň beýik ösüşleriniň waspy bar. Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde medeniýet ulgamyny ösdürmekde öňde goýlan maksatlardan ugur alyp, zehinli ýaşlaryň professional derejesini ýokalandyrmaklygy we olaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny kämilleşdirmekligi hem-de has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaklygy maksat edinip, golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde yglan eden “Zehinli ýaşlar ” atly bäsleşi geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, “Bagşyçylyk sungaty” ugry boýunça mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryndan birini, türkmen halk aýdymlaryndan birini, “Türkmen milli saz gurallary” ugry boýunça dutar, gyjak, baglama saz gurallarynda akkompanementli mukamçy kompozitorlaryň döreden sazlaryndan birini, türkmen halk sazlaryndan birini, “Halk saz gurallary” ugry boýunça akkordeon, gitara saz guralyndan türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerinden birini, wirtuoz häsiýetli uly göwrümli eserlerden birini, “Kirişli saz gurallary” ugry boýunça skripka, alt, wiolonçel saz gurallarynda wirtuoz häsiýetli pýesany, uly göwrümli eseri, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” ugry boýunça fleýta, klarnet, ksilofon saz gurallarynda wirtuoz häsiýetli pýesany, uly göwrümli eseri, “Fortepiano” ugry boýunça polifoniki ýa-da uly göwrümli eseri, wertuoz häsiýetli pýesany, “Aýdym aýtmak sungaty (wokal)” ugry boýunça täzeden işlenen bir türkmen halk aýdymyny, daşary ýurt kompozitorlarynyň bir ariýasyny ýerine ýetirilip, “Sazyň taryhy we nazaryýeti, kompozisiýa” ugry boýunça periud, pýesa, etýud ýaly saz eserini döretmek, saz edebiýaty dersinden saýlanan kompozitor boýunça esse çykyşyny taýýarlamak, “Hor dirižýorlygy” ugry boýunça a’kapella eserini çalyp bermek, seslerini aýtmak, dirižýorlyk etmek, sazandarlyk edilýän hor eserine dirižýorlyk etmek, “Saz mugallymçylygy” ugry boýunça boýunça a’kapella eserini çalyp bermek, seslerini aýtmak, dirižýorlyk etmek, kollokwium çykyşlary hem-de bir mekdep eserini çalyp bermek, seslerini aýtmak, dirižýorlyk etmek we kollokwium çykyşlary, “Horeografiýa sungaty” ugry boýunça halk sahna tanslaryndan bir tansy, nusgawy tanslaryndan bir tansy ýerine ýetirmek göz öňüne tutuldy we bu çykyşlar şertlerine görä talabalaýyk hasaplanyldy.

Bäsleşikde her ugur boýunça I, II, III orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda özboluşly çykyşlary bilen diňleýjilerde unudylmajak täsir galdyran owazly älemiň bilbilleri, zehin daragtlarynyň has-da pajarlamagyna mümkinçilik döredýän, medeniýetimiziň ösmegi, zehinlileriň ýüze çykarylmagy barada taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

