13 mart 2026 sagat 14:02
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Milli terbiýe-mizemez mekdep”

Baş sahypa/Täzelikler/“Milli terbiýe-mizemez mekdep”
24 Okt 2025 9191 gezek görüldi
“Milli terbiýe-mizemez mekdep”

    Golaýda (24.10.2025ý.) Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan “Milli terbiýe-mizemez mekdep” ady bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” talyp ýaşlary sagdyn durmuş we türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýelemek, talyp gyzlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk ýörelgelerini ündemek maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata kümüş saçly enelerimiz, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri hem-de halypa zenanlarymyz gatnaşyp, olar maslahatyň dowamynda  “Türkmenistanda ýaşlar barada syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek  bilen bagly”, “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ilkinji Zenanlar guramasynyň 2025-nji ýylda geçirjek çäreleriniň Meýilnamasyna” laýyklykda ene-mamalarymyzyň geçmişden şu güne çenli ýetiren gymmatly terbiýe mekdebiniň aýratynlyklary barada täsirli maglumatlary beýan etdiler.

    Maslahatyň ahyrynda mekdebiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa ähli çykyş eden myhmanlara mekdebiň adyndan minnetdarlyk bildirip, olaryň her biriniň beren öwüt-nesihatlaryny durmuşa geçirmekde mundan beýlägem uly işleri kämilleşdirjekdiklerini nygtap, Berkarar döwletiň mertebe tuguna deňelýän türkmen gelin-gyzlaryna bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Ähli täzelikler