
18.09.2025-nji ýylda Balkan welaýat Köpugurly hassahanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň gurnamagynda agzybirlikde, jebislikde gurýan, döredýän we röwşen geljege ynamly barýan merdana halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti hakynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň ugurlarynda ägirt uly ösüşlere beslenýändigini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli Kararlardyr çözgütleriň kabul ediljekdigini, munuň özüniň durmuşymyzy gülledip, geljegimize nur çaýýan tutumly işleriň täze tapgyrynyň özboluşly badalgasy boljakdygyny beýan etdi.
Çykyşlaryň ahyrynda demokratiýa, döwletlilik, jebislik nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstünlikli geçmegine, döwletimiziň berkararlygyny, ilimiziň agzybirligini üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
