
04.11.2025-nji ýylda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Ösüşlere beslenýän Bitarap Türkmenistan” ady bilen syýasy gepleşik ýazgy edildi. “Miras” teleýaýlymyna ýazgy edilen syýasy gepleşik 02.11.2025-nji ýylda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna bolan iş sapary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamy bilen açylyp ulanylmaga berlen desgalaryň, açylyş dabaralarynyň buýsançly wakalary hakynda geçirildi. Syýasy gepleşigi Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň II ýyl talyby, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy Abdylrakyp Tagangylyjow alyp bardy. Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary çykyş etdiler.
Gatnaşyjylar Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän “Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan” awtomobil ýolunyň ugrunda köpriniň açylyş dabarasy, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda deňiz suwuny arassalaýjy suw süýjediji desganyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli buýsançly çykyş etdiler.
Syýasy gepleşige gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
