
16.12.2025-nji ýylda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi.
Dabara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdymçylar, orkestr, “Bagtyýarlyk” tans toparlary, “Hor dirižýory” bölüminiň mugallymy Anna Haýdarowa dagylar baýramçylyk sowgatlary bilen çykyş etdiler, tans toparynyň ýolbaşçysy Sapargül Hallymämmedowa, şol bölümiň mugallymy Läle Hojagurbanowa, jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şeýdagül Durdyýewa hem gatnaşdy.
Olardan “Bagtyýarlyk” tans toparynyň ýolbaşçysy Sapargül Hallymämmedowa, “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa interwýu berdiler.
Baýramçylyk gutlaglarynda Täze ýylyň şanyna buýsançly alkyşlar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlar aýdyldy.
