
07.05.2025-nji ýylda Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Parahat Diýarymyzyň syýasy sahypalary” ady bilen tegelek stol geçirildi. “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edilen bu syýasy gepleşigini Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Gülzada Meredowa alyp bardy. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzasy hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Fransiýa döwletlerine bolan iş saparlary, 2025-nji ýylyň awgsut aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň” guramaçylyk işleri dogrusynda giňişleýin beýan etdi. Syýasy gepleşige gatnaşan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem öz gezeklerinde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde alnyp barylýan wakalary nygtadylar. Gepleşigiň ahyrynda ähli çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk ordeni” bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlap, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamy bilen Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanylmaga berilmeginiň aýratyn buýsandyryjy wakalara eýe bolandygyny bellediler. Çykyş edenleriň ýürek buýsançlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar beýan edildi.
