13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Parahatçylygy dabaralandyrmakda ýaşlaryň sesi”

Baş sahypa/Täzelikler/“Parahatçylygy dabaralandyrmakda ýaşlaryň sesi”
03 Maý 2025 12075 gezek görüldi
“Parahatçylygy dabaralandyrmakda ýaşlaryň sesi”

    03.05.2025-nji ýylda Balkanabat şäheriniň “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda brifing maslahaty geçirildi. Maslahata Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem işjeň gatnaşyp, “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň IV ýyl talyby Umyt Gurbanow, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň IV ýyl talyby Gülzada Meredowa dagylar myhmanlar bilen sorag-jogap arkaly täsirli çykyşlary bilen aýratyn tapawutlanmagy başardylar.

    Brifing maslahatynyň dowamynda jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowanyň 02.05.2025-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň Şa gadamy bilen açylyp ulanylmaga berlen Balkanabat Halkara howa menziliniň Halkara ülňülerine laýyklygy baradaky Halkara Resminamalaryna eýe bolmaklygy hem-de 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, Kararnama laýyklykda Baş Assambleýa tarapyndan halkara maslahaty 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmekligiň kesgitlenendigi, Hormatly Prezidentimiziň 01.05.2025-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde tabşyrylan halkara maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk işleri baradaky buýsançly gürrüňleri bilen “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edildi. 03.05.2025-nji ýylda ýazgy edilen brifing maslahaty 06.05.2025-nji ýylda “Ýaşlyk” teleýaýlymynda sagat 16:50-de görkezildi.

    Brifing maslahatynyň ahyrynda gatnaşyjylar ýaşlaryň parahatçylyk seslerini giňden dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ähli täzelikler