
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň rowaçlygyna çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetlerini we däplerini dabaralandyrmak hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi hem-de Balkan welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde welaýatymyzyň çagalar çeperçilik, sungat mekdepleriniň 3-4-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Parahatçylygyň waspçylary” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik iki sany ugurdan ybarat bolup, okuwçylar kompozisiýa we galam bilen surat çekmek ugry boýunça bäleşdiler. Bäsleşige welaýatymyzyň çagalar çeperçilik, sungat mekdeplerinden jemi 25 sany okuwçy gatnaşdylar. Bäsleşikde üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
