
2025-nji ýylyň maý aýynyň 29-31-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-saz festiwaly geçirildi.
Dabara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş zehinler gatnaşdylar. Olar sahnada öz başarnyklaryny görkezip, çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdylar. Festiwal döredijiligiň, ýaşlygyň we dostlugyň hakyky baýramyna öwrüldi.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Gülzada Meredowa, “Kirişli saz gurallary” bölüminiň 4-nji ýyl talyplary Güneş Hajyýewa hem-de Suraý Kakajanowa dagylar gatnaşdy. Olar öz hünärleri boýunça saz gurallarynda ýokary derejeli çykyşlary bilen sazlary ýerine ýetirdiler.
Festiwal Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Ýurdum meniň Bitarap” atly watançylyk mazmunly aýdym bilen açyldy.
“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly joşgunly aýdym dabaranyň iň ýatda galyjy pursatlaryny emele getirdi.
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly aýdym-saz festiwaly paýtagtymyzyň medeni durmuşynda möhüm waka öwrülip, oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary oýardy hem-de sungatyň kalplary birleşdiriji güýjüne bolan ynamy pugtalandyrdy.
