
23.10.2025-nji ýylda Balkanabat şäheriniň “Türkmeniň Ak öýi” binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ajaýyp üstünliklere beslenýän taryhy günlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramçylygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr” atly şygar bilen syýasy gepleşik taýýarlanyldy. “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edilen dabarada Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Guwanç Çendirow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdy we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa alyp bardy.
Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýylyň dowamyndaky döwlet iş saparlary, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň 80-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda edilen teklipleriň hatarynda Türkmenistanyň BMG-niň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk-parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürendigi, “Merkezi Aziýa-parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly Halkara forumyň geçirilmegi, 2026-2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek başlangyjy, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasy, 2026-njy ýylda geçiriljek “Hazar ekologiýa forumy”, 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek, “Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi” yglan etmek hakynda buýsançly gürrüňler edildi.
Syýasy gepleşikde sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň agzalary sorag-jogaplar arkaly işjeň gatnaşdylar.
Syýasy gepleşige gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda hoşniýetli, parahatsöýüjilikli, ynsanperwerlikli syýasatyň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
