
24.09.2025-nji ýylda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň gurnamagynda Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli “Rowaçlanýan Watanymyzyň waspyny eder ýüregim” ady bilen aýdym-sazly, söhbetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Dabarany mekdebiň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa alyp bardy, mekdebiň “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Aýnagül Berdigylyjowa, mekdebiň “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň bagtyýar talyby Abdylrakyp Tagangylyjow hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşylar” topary çykyş etdiler.
Dabaranyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” geçirilýän jemgyýetçilik, döwlet çärelerinde öz çekýän zähmeti bilen tapawutlanýan mugallymlaryň hatarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary hökmünde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Aýnagül Berdigylyjowa, mekdebiň “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň bagtyýar talyby Abdylrakyp Tagangylyjow hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşylar” topary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgady bilen sylaglandylar.
Dabara gatnaşyjylar özygtyýarlygyň, erkinligiň, parahatçylygyň dünýäde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
