
20.05.2025-nji ýylda Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkanabat Geňeşi hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Russia Halal EKSPO 2025” ady bilen tegelek stol geçirildi. Gepleşigiň dowamynda jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowanyň 16.05.2025-nji ýylda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda “Russiýa-Yslam dünýäsi: Kazan Forum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy hem-de forumyň çäginde “Russia Halal EKSPO 2025” atly Sergisiniň geçirilmegi bilen bagly buýsançly gürrüňleri “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edildi we 24.05.2025-nji ýylda sagat 16:00-da görkezildi.
Çykyşlarda Sergä gatnaşan döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleriniň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmaga, türkmen kärdeşleri bilen özara gatnaşyklaryň geljegi bolan ugurlaryna degişli söhbetleri hakynda söhbetler edildi.
Gepleşigiň ahyrynda ahyrynda gatnaşyjylar döwletimiziň “Açyk gapylar” syýasatyny has-da giňeldip, Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegini giňden dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
