
18.12.2025-nji ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Balkan welaýat häkimligi, Medeniýet müdirligi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde geçirmeginde welaýat derejesinde Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan “Rysgal-döwlet bolup gel sen, Täze ýyl!” ady bilen konsert geçirildi.
Konserte Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymlary Läle Hojagurbanowa, Sapargül Hallymämmedowa, Uzukjemal Amandurdyýewa, Leýla Ýegenmämmedowa, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Gülhanym Lametowa, “Hor dirižýory” bölüminiň mugallymy Anna Haýdarowa hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Mugallymlar baýramçylyk gutlaglary bilen interwýu berdiler, aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň dowamynda welaýatyň meşhur bagşy-sazandalary bilen bir hatarda, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagtyýarlyk” tans topary, “Hor topary”, aýdymçylar, orkestr toparlary şowhunly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
