
30.01.2026-njy ýylda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, şahyr Gülşirin Hanowa döredijilik duşuşygynyň hormatly myhmany boldy.
Çäräniň dowamynda şahyryň ömri we döredijiligi, gazanan üstünlikleri, şygyrlarynyň halkyň arasynda söýgä eýe bolan dabaralary hakynda gyzykly söhbetler edildi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň orkestr topary bilen aýdymçylar toparynyň talyplarynyň şahyr Gülşirin Hanowanyň goşgularyna döredilen aýdymlar belent owaz bolup ýaňlandy.
Dabaranyň ahyrynda hormat bilen paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelip, döredijilik duşuşygyna gatnaşyp, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebine sarpa goýýandygy üçin köp sagbolsunlar aýdyldy, talyp ýaşlar hem-de mugallymlar bilen şygryýet dünýäsiniň jadysy hakynda pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
