13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Sungaty bilen özüni tanadan ussat”

Baş sahypa/Täzelikler/“Sungaty bilen özüni tanadan ussat”
06 Maý 2025 12065 gezek görüldi
“Sungaty bilen özüni tanadan ussat”

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly  işler alnyp barylýar. Sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilik adamlary döwletimiziň abraýynyň artmagy ugrunda  nusgalyk işleri bitirdiler. Olaryň döreden eserleri ýaş nesliň kämil düşünjeli bolmagynda bahasyna ýetip bolmajak mekdepdir. Gözbaşlaryňa ýüzlenmek, taryhy geçmişiňi paýhas eleginden geçirmek, ýurduň syýasy ösüşiniň  esasy hökmünde medeni mirasy, saz sungatyny ösdürmek  Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş maksatlarynyň biridir. Bu toprakda akyldar danalaryň, ýazyjydyr şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň ençemesi dünýä indi.

    Türkmen opera sungatyny esaslandyryjy  ägirtleriň  biri, guýma gursak ussat opera aýdymçysy, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa hem şeýle meşhur şahsyýetleriniň biri bolup, onuň 105 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen “Sungaty bilen özüni tanadan ussat” atly edebi-çäresini 2025-nji ýylyň maý aýynyň 6-na Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelekde geçirdiler. M.Kulyýewanyň “Ömri we durmuş ýoly” barada Balkan welaýat kitaphananasyň kitaphanaçy Maýsa Aýydowa giňeşleýin gürrüň berdi we belli şahsyýetiniň  ýerine ýetirijilik ýolunyň  ähmiýeti barada Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň III ýyl talyby Almagül Hanjanowa çykyş etdi. Talybyň çykyşy wideo arkaly Maýa Kulyýewanyň ýerine ýetiren “Läläm seni”, “Ýüregim gitmez”, “Jan Watan” we “Eý daragym batlan” atly aýdymlar bilen baýlaşdyryldy. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Aýdym aýtmak sungaty ( wokal) bölüminiň mugallymynyň çykyşy bilen dowam edildi. Gülhanym Lametowa Maýa Kulyýewa bilen duş gelen pursatlary we talyplyk döwründe oňa beren maslahatlary barada gürrüň berip, Maýa Kulyýewanyň repertuaryndan Weli Muhadowyň  “Söýgülim gelýar” we  Weli Ahmedowyň  “Bu gün” aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

    Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar medeniýetiň, sungatyň, halypa-şägirtlik ýolunyň dünýäde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli täzelikler