13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Türkmen-gazak dostlugy”

Baş sahypa/Täzelikler/“Türkmen-gazak dostlugy”
03 Iýun 2025 11214 gezek görüldi
“Türkmen-gazak dostlugy”

    03.06.2025-nji ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet sapary mynasybetli tegelek stol geçirildi.

    Geçirilen çäre “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edilip, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň kitaphana müdiri, mekdebiň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Saparbibi Rahymowa hem gatnaşyp, ol 30.05.2025-nji ýylda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan döwletine bolan döwlet sapary, ol ýerde iki dostlukly halklaryň arasynda kabul edilen çözgütler, syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary boýunça baglaşylar Ähtnamalar, iki döwletiň çäginde geçirilýän Medeniýet günleriniň aýratynlyklary hakyndaky buýsançly çykyşyny beýan etdi.

    Syýasy gepleşige gatnaşyjylar parahatçylykly, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige beslenip, syýasy ösüşleriň dünýäde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli täzelikler