13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň eserleri-ýaşlara ýol-ýörelge”

Baş sahypa/Täzelikler/“Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň eserleri-ýaşlara ýol-ýörelge”
06 Noý 2025 8392 gezek görüldi
“Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň eserleri-ýaşlara ýol-ýörelge”

    06.11.2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde belent ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany hemişe üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişini, taryhyny gowy bilmekleri, döwrebap hünärleri ele alyp, Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren eserlerini eriş-argaç edip öwrenmek hem-de baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, golaýda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde yglan eden “Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň eserleri-ýaşlara ýol-ýörelge” atly zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň ähli bölümleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň many-mazmunyny giňişleýin beýan etmegi başardylar. Bäsleşik çekeleşikli dowam edip, talyp ýaşlaryň eseriň magumatlaryndan düzülen soraglara anyk jogap bermekleri bilen jemlendi. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, “Nakgaşçylyk”, “Heýkeltaraşlyk”  bölümleriniň talyplaryndan düzülen topar I orna,  “Sazyň taryhy we nazaryýeti”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Kirişli saz gurallary” bölümleriniň talyplaryndan düzülen topar II orna, “Dizaýn” bölüminiň talyplaryndan düzülen topar III orna eýe boldular. Bäsleşikde ýokary derejede çykyş edip, öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň adyndan  ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.

    Bäsleşigiň dowam edýän pursatlary “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Diýar” gepleşigine ýazgy edildi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa hem-de “Kirişli saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby Ogulnyýaz Begmyradowa interwýu berdiler.

            Bäsleşigiň ahyrynda many-mazmuna ýugrulan, gymmatly taryhy maglumatlary özünde jemleýän eserleriň talyp ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolup, her birimiziň gymmatly gollanma hökmünde yzygiderli peýdalanmaklary hakynda buýsançlar aýdylyp, gymmatly eseri türkmen halkyna sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.

Ähli täzelikler