13 mart 2026 sagat 14:02
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Türkmenistan-dost-doganlyk mekany”

Baş sahypa/Täzelikler/“Türkmenistan-dost-doganlyk mekany”
14 Noý 2025 8381 gezek görüldi
“Türkmenistan-dost-doganlyk mekany”

    14.11.2025-nji ýylda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dost-doganlykly halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýurdumyzda dünýä nusgalyk halkara derejesinde alnyp barylýan işleri halka ýetirmek maksady bilen “Türkmenistan-dost-doganlyk mekany” atly şygar bilen maslahat geçirildi.

    Geçirilen maslahatda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary täsirli çykyş etdiler.

    Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara diplomatiýasynda eýeleýän orny, halkara gatnaşyklary, Halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklarynda gazanylýan üstünlikleri beýan edildi.

    Ähli maslahata  gatnaşanlaryň ýüreklerinde halkara diplomatiýanyň hukuk ýörelgelerini dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Ähli täzelikler