
19.11.-22.11.2025-nji ýylda Balkan welaýat döwlet drama teatrynda “2025-nji ýyl üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk babatda Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň myýilnamasynda” göz öňüne tutulan medeni çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen Balkan welaýat we Mangistau welaýat häkimligi bilen “Türkmenistan dost-doganlyk mekany” ady bilen türkmen-gazak dostluk sergisi, aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi.
Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki “Balkan” köpugurly söwda merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirildi. 22-nji noýabra çenli dowam eden eksport mümkinçilikleriniň sergisinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar.
Balkan welaýat döwlet drama teatrynda geçirilen “Türkmenistan dost-doganlyk mekany” ady bilen türkmen-gazak dostluk konsertinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Hor dirižýory” bölüminiň mugallymy Anna Haýdarowa “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Gülhanym Lametowa bilen bilelikde Latif Hamidiýiň sazyna “Gazak walsy” diýen aýdymy ýerine ýetirdiler.
Aýdym-sazly, söhbetli dabara Dabara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymlary Läle Hojagurbanowa, Sapargül Hallymämmedowa gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
