
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara syýasy özgertmelerini, türkmen halkynyň parahatsöýüjilik ýörelgesini, halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde ylymda, bilimde gazanylýan üstünlikleri giňden ýaýmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan-parahatçylyk inženeriýasynyň mekany” atly ylmy- amaly maslahat geçirildi.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersiniň mugallymy Taganguly Taýçaýew, “Jemgyýetçilik” dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa we talyp ýaşlar geçirilen ylmy-amaly maslahata onlaýn arkaly gatnaşdylar.
“Türkmenistan-parahatçylyk inženeriýasynyň mekany” atly ylmy- amaly maslahatynyň dowamynda ähli çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dürli ugurlary bilen bir hatarda inženeriýa ulgamynyň ýeten belent sepgitleri, gazanylýan üstünlikleri, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy, aýratynam, şeýle taryhy sepgitleriň baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllyk dabarasy bilen sazlaşyp gelmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini nygtadylar.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenleriň ýürek buýsançlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar beýan edildi.
