13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”

Baş sahypa/Täzelikler/“Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”
23 Dek 2025 6280 gezek görüldi
“Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň  we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”

    23.12.2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň tamamlanyp barýan pursatlarynda Balkan welaýat häkimliginde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna ýakynda sowgat beren “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly ajaýyp kitabynyň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

    Hoşallyk maslahatynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa çykyş etdi, dabarany Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň TMÝG-niň ilkinji guramasynyň başlygy Umyt Gurbanow alyp bardy.

    Dabarada Berkarar döwletiň mertebe Tuguna deňleýän türkmen Zenanlarynyň hatarynda 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-na “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasyna, dekabr aýynyň 10-na hem “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly Halkara maslahatyna gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigi, halkara Maslahatyň çäginde gurnalan Serginiň dowamynda ilkinjileriň hatarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze Sowgat beren kitaby bilen tanyşandyklaryny, kitabyň “Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi” atly bölümi aýratyn ünsi çekendigini nygtadylar: “Biz adamlar üçin näme etdik?”, “Olara nähili kömek etdik?”, “Kim kömege we howandarlyga mätäçlik çekýär?” diýen soraglar hemişe döwletiň we jemgyýetiň öňünde durýan sowallardyr. Olaryň jogaby biziň ynsanperwer işlerimiziň häsiýetini kesgitleýär”.

    Gymmatly kitapdan: “Parahatçylyk güýçdür. Iň beýik güýç-ýaragda däl, diplomatiýada.     Parahatçylyk wezipedir, borçdur. Biziň her birimiziň-türkmen raýatlarynyň, ýaşulularyň, ýaşlaryň, eneleriň, atalaryň, mugallymlaryň-öz ornumyzda parahatçylygy goramak, berkitmek, ýaýratmak borjumyz bar. Bu gymmatlygyň öňünde her birimiziň uly jogapkärçiligimiz bardyr. Parahatçylyk geljekdir....Ene çagasyna edepli-ahlakly bolmagy öwredende, ol perzentleriniň aňyna Bitaraplygyň ilkinji tohumyny sepýär” diýen jümleleri beýan etmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sowgat berýän eserleriniň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.

Ähli täzelikler