13 mart 2026 sagat 14:07
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly

Baş sahypa/Täzelikler/Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly
25 Dek 2025 6278 gezek görüldi
Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly

    25.12.2025-nji ýylda Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze ajaýyp eseriniň sowgat berilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

    Dabara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa hem gatnaşyp, Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň bölümleri, many-mazmuny hakynda düşündirdi:

  1. Bitaraplyk-türkmen paýhasynda
  2. Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap
  3. Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy: netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi
  4. Parahatçylyk we ynanyşmak-döwrüň derwaýyslygy
  5. Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi
  6. Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasaty
  7. XXI asyr: Türkmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy
  8. Parahatçylyk-türkmen siwilizasiýasynyň binýady
  9. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar

    Gahryman Arkadagymyzyň: “Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr”...setirleriniň beýan edilýändigini, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze ajaýyp eserinden “Parahatçylyk güýçdür. Iň beýik güýç-ýaragda däl, diplomatiýada; Parahatçylyk wezipedir, borçdur. Biziň her birimiziň-türkmen raýatlarynyň, ýaşulularyň, ýaşlaryň, eneleriň, atalaryň, mugallymlaryň-öz ornumyzda parahatçylygy goramak, berkitmek, ýaýratmak borjumyz bar. Bu gymmatlygyň öňünde her birimiziň uly jogapkärçiligimiz bardyr. Parahatçylyk geljekdir....Ene çagasyna edepli-ahlakly bolmagy öwredende, ol perzentleriniň aňyna Bitaraplygyň ilkinji tohumyny sepýär” diýen jümleleriň üsti bilen giňişleýin beýan etdi.

Ähli täzelikler