
15.05.2025-nji ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň döredilen güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahata Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Balkanowa Annagül, Hallymämmedowa Sapargül, Amandurdyýewa Uzukjemal hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa Türkmenistanyň Döwlet Baýdagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryhy aýratynlyklary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylyk binýadymyzy kämilleşdirmekde alnyp barylýan özgertmeler hakyndaky buýsançly çykyşyny beýan etdi.
Maslahatyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” geçirilýän jemgyýetçilik, döwlet çärelerinde öz çekýän zähmeti bilen tapawutlanýan mugallymlaryň hatarynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri Sapargül Hallymämmedowa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgady bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň döredilen güni mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatyň ahyrynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa dabaraly maslahatyň işjeň häsiýete eýe bolmagy baradaky özünde galdyran täsirleri hakynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Diýar” gepleşigine interwýu berdi.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar asuda, parahat ýurdumyzda goşa-goşadan bellenilýän baýramçylyklaryň dünýäde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
