Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komiteti we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi Milli bahar baýramy mynasybetli “Ülkäme saz bolup gelen Nowruzym!” atly aýdym-sazly dabara geçirdiler. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent maksatly tutumlar barada edildi. Onda okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň taýýarlamagynda talyplaryň birnäçe çykyşlaryna orun berildi. Milli öwüşgine beslenen konsertde mekdebimiziň “Hor topary” kompozitor Rejep Rejepowyň sazyna “Bahar geldi” aýdymyny uly joşgun bilen ýerine ýetirdi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşylar topary” Ahmetberdi Mededowyň sözlerine we sazyna “Nowruzym geldi ilime” atly aýdymy bedew batly Diýarymyzyň hoş owazy bolup belentden ýaňlandy.
Mekdebimiziň “Halk saz gurallary ansambly” Aşyr Abdyllaýewiň döreden “Bahar tansy” sazyny, “Üflenip çalynýan saz gurallary ansambly” dürli öwüşginler bilen bezäp, döwrebaplaşdyryp, Nury Halmämmedowyň “Duran ýerlere” atly eserini ýerine ýetirmegi, aýdymdyr sazy tanslar bilen bezäp, sahnanyň gözelligine gözellik goşan “Bagtyýarlyk” tans toparymyzyň çykyşlary hem täsirli boldy. Talyplarymyz ýekelikde baýramçylygy, milliligimizi wasp edýän estrada we halk aýdymlaryny, sazlaryny ýerine ýetirmekde ussatlyklaryny görkezdiler.
Dabarada halkymyzy ajaýyp döwürde ýaşadýan, milli baýramçylyklary öz hünärleri bilen bezemekde, döredijiligiň inçe syrlaryna aralaşmakda medeniýet we sungat işgärlerine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edildi
