
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ylymly-bilimli talyp ýaşlaryň bagtyýar ýaşaýşy, hemmetaraplaýyn ösüp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, olaryň ähli ugurlarda hukuklarynyň berjaý edilmegi Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalarynyň, giň möçberli tagallalarynyň netijesinde doly üpjün edilýär. Ýurdumyzda saz sungatyna höwesli, başarjaň we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli boýunça okuwlaryny dowam etdirmek, döredijilige höweslendirmek, professional ýerine ýetirijilik ukybyny ösdürmek maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda “Ýaş zehin” atly bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde geçirilmegi, sungata höwesli ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryna şaýatlyk etmek halypa mugallymlar üçin hasam buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda zehinli ýaşlar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dowam edýän günlerinde buýsançlaryny beýan etmegi başardylar. Bäsleşik çekeleşikli dowam edip, ýaş zehinler sungatyň inçe syrlaryny wasp eden eserlerinde görkezmegi bilen jemlendi. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, ýeňijiler saýlanyp, olara Döwlet derejesindäki tapgyra gatnaşmaklyga mümkinçilik berildi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar baradaky alada Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy we aýrylmaz bölegidir. Gahryman Arkadagly ata Watanymyzda bu döwletli tagallanyň miweleri ýaşlarymyzyň bagtyýarlygyny pugtalandyrýar.
Geçirilen bäsleşik hem ýaş zehinleriň sungatyň dürli ugurlary boýunça şahsy ukyplaryny açyp görkezmeklige giň mümkinçilikleri döretdi. Bäsleşigiň ahyrynda ýaş zehinler medeniýetiň, sungatyň dünýäde dabaralanmagynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

