
06.11.2025-nji ýylda Balkan welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher birleşmesi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” ady bilen aýdym-sazly, söhbetli konsert ýazgy edildi. “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edilen syýasy gepleşik 16.11.2025-nji ýylda belleniljek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 34 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp, dabaralarynyň buýsançly wakalary hakynda geçirildi.
Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa çykyş etdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalaryndan Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň II ýyl talyby Abdylrakyp Tagangylyjow, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň III ýyl talyby Aýlar Arnageldiýewa, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň I ýyl talyby Babaýew Hally dagylar aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Aýdym-sazly, söhbetli dabara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynda Akgül Ataýewa, Güljemal Guljagazowa, Sapargül Hallymämmedowa, kitaphana müdiri Saparbibi Rahymowa dagylar hem gatnaşdy.
Ýazgy 13.11.2025-nji ýylda sagat 16:20-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynda görkezildi.
Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda ýaşlaryň şahsy ukyplaryny açyp bermekde hem-de hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
