24 Mart 2025 13331 gezek görüldi

Milli Bahar baýramynyň ikinji gününde — 22-nji martda Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Welaýatymyzda hem bag ekişlik dabarasy geçirildi. Biziň mekdebimiziň talyplary hem hormatly Prezidentimiziň asylly göreldesine eýerip, bag ekişligine işjeň gatnaşdylar.
Bag ekmek çäresiniň ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýaş nesillerde zähmete söýgüni terbiýelemek babatda ähmiýeti örän uludyr. Döwletimizde agaç oturtmak, bag ekmek sogaply iş hasaplanylýar.
Ol ýerde welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň,mekdebimiziň talyplarynyň çykyşlary ählihalk çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Şeýlelikde, geçirilen bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlige beslenip, türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini, tebigata bolan söýgüsini alamatlandyrdy.

