13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Ylym-geljege ak ýol”

Baş sahypa/Täzelikler/“Ylym-geljege ak ýol”
03 Iýun 2025 11214 gezek görüldi
“Ylym-geljege ak ýol”

    03.06.2025-nji ýylda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň,  Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzda her ýylda geçirilýän “Ylymlar güni” mynasybetli “Ylym-geljege ak ýol” atly dabaraly Sergi çäresi geçirildi. Dabaraly çäräni Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa alyp bardy. “Ýaşlyk” teleýaýlymyna ýazgy edilen bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň guramaçy işgärleri, şeýle hem Sergini gurnamakda aýratyn goşant goşan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary bolan mugallymlar, talyplar interwýularyň üsti bilen ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

    Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Ylymlar güni mynasybetli döredilen “Aiti” atly ylmy-döredijilik merkeziniň hem-de ähli hünärler boýunça taýýarlanan Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Çärä gatnaşyjylar dost-doganlyk ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen dowamat-dowam bolýandygyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 02.06.2025-nji ýylda Mongoliýa döwletine bolan iş saparynyň dowamynda Ulan-Bator şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet Lukmançylyk uniwersiteti bilen Mongoliýa döwletiniň arasyndaky türkmen-mongol hyzmatdaşlyklary, kabul edilen Ähtnamalary hakynda buýsanç bilen bellediler.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ylymly, bilimli ýaş nesli kemala getirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ulgamynda halkara tejribeler öwrenilýär. Munuň özi häzirki zaman jemgyýetinde halkara hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup durýar. 

    Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym, bilim we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürip, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň kämilleşmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli täzelikler