
10.02.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilýän “Ýylyň zenany” atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň guramaçylykly geçirilmegine Balkan welaýat Zenanlar bölümi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi işjeň gatnaşdy. Balkanabat şäher tapgyryndan ýeňiji bolan Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri, “Bagtyýarlyk” tans toparynyň ýolbaşçysy Sapargül Hallymämmedowa Balkan welaýat tapgyrynda hem I orna mynasyp bolup, sungatda işjeň zenan hökmünde Döwlet derejesindäki “Ýylyň zenany” atly bäsleşigine gatnaşmaga mümkinçilik aldy. Ol öz çykyşlarynda ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ähli şäher, welaýat, Döwlet çärelerinde “Bagtyýarlyk” tans topary bilen gazanan üstünlikleri, mugallymçylyk kärindäki ussatlygyny, maşgala ojagyna bolan wepadarlygyny, perzentlerine bolan mähirli söýgüsini, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşlaryny gazallaryň üsti bilen beýan etdi.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy,
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy
Annagül Balkanowa
