13 mart 2026 sagat 11:30
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Ýylyň zenany Döwlet tapgyry

Baş sahypa/Täzelikler/Ýylyň zenany Döwlet tapgyry
01 Mart 2026 110 gezek görüldi
Ýylyň zenany Döwlet tapgyry

        01.03.2026-njy ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň Döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýaty boýunça ýeňiji bolup, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Sapargül Hallymämmedowa gatnaşdy. Ol öz çykyşlarynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen zenanlarynyň gazanýan üstünliklerini beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar zenanlarymyza döredilýän mümkinçiliklerini gazallaryň üsti bilen buýsanç bilen wasp etdi.


       Bäsleşige gatnaşan bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ähli täzelikler