
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu günki gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýar. Täze taryhy ajaýyp zamanada Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen "Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bolsa ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri döretdi.

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegiň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan iri möçberli, uzakmöhletleýin taslamalar mähriban halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň "Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys" diýen çuň manyly sözlerinde ugur alyp,"Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylynda" Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Balkanabat şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda "Zehinli ýaşlar Watanyň daýanjy" atly bäsleşigi geçirildi. Oňa mekdebimizden talyplar gatnaşyp üstünlikli çykyş etdip Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersinde Gulanowa Gülüstan II orna mynasyp boldy.

