
20.02.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Balkan welaýat häkimligi tarapyndan “Halkara Zenanlar güni” mynasybetli “Zenanlar-bedew batly durmuşyň bezegi” ady bilen aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi. Konsertde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň orkestr topary, aýdymçylar topary, “Bagtyýarlyk” tans toparlary çykyşlary ýerine ýetirdiler. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary uly ruhubelentlikde baýramçylyk çäresine gatnaşdylar. Olardan mekdebiň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Saparbibi Rahymowa, “Horeografiýa sungaty” bölüminiň müdiri, “Bagtyýarlyk” tans toparynyň ýolbaşçysy Sapargül Hallymämmedowa, “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa hem gatnaşyp, baýramçylyk mynasybetli interwýu berdi. “Altyn asyr” teleýaýlymyna edilen ýazgyda zenanlarymyza, gelin-gyzlarymyza bolan çäksiz söýgi, hormat, sarpa hem-de şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy.
