13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Zenanlaryň bedew batly Diýarda hormat-sarpasy”

Baş sahypa/Täzelikler/“Zenanlaryň bedew batly Diýarda hormat-sarpasy”
13 Few 2026 5970 gezek görüldi
“Zenanlaryň bedew batly Diýarda hormat-sarpasy”

    13.02.2026-njy ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Zenanlaryň bedew batly Diýarda hormat-sarpasy” atly aýdym-sazly, söhbetli dabarasy geçirildi. Dabara “Altyn asyr” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

    Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa hem interwýu berdi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň orkestr topary hem ýokary derejedäki çykyşlary bilen öz baýramçylyk sowgatlaryny serpaý etdiler. Çykyşlarda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda zenanlara goýulýan sarpa, Halkara derejesinde geçirilýän Zenanlaryň Forumlary hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Meşhur aýdymçylaryň enelerimizi, zenanlarymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirilenden soňra, aýdym-sazly, söhbetli dabarynyň ahyrynda çärä gatnaşan zenanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň adyndan  gül çemenleri sowgat berildi.

 

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy,

Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Annagül Balkanowa

Ähli täzelikler