Bahar gözelligi-durmuşyň bagtyýarlygy

    04.03.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde Balkan welaýat häkimligi tarapyndan welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň, orkestr, aýdymçylar, “Bagtyýarlyk” tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Milli Bahar baýramçylygy” mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli dabara geçirildi.

    Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Läle Hojagurbanowa çykyş etdi. Dabarada çykyş edenler Bahar paslynyň Zeminiň ýaraşygy bolup, onda bakylygyň keşbiniň bardygyny, bu paslyň mähirliliginiň, mylaýymlygynyň zenanlarymyza meňzeýändigini, mähriban enelerimiziň, gözel görkli gelin-gyzlarymyzyň baýramynyň bahar buşlukçysy bolup, uly dabaralara beslenýändigini, şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly, ýazlaryň ülkämize toý bolup gelýändigini buýsanç bilen beýan etdiler.

    Ýaňlanan aýdymlarda, sazlarda Bahar paslynyň gözellikleri, şeýle gözellikleriň gujagynda türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamaklarynda giň şertleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdyldy.