Dizaýn

    Dizaýn bölümi mekdebimizde 2022-2023-nji okuw ýylynda açylan täze bölümleriň biridir.Dizaýn bölüminde talyplar sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri boýunça bilim alýarlar.

    Bu bölümiň esasy wezipeleri dizaýn sungaty boýunça taslamalary döredip, döreden dizaýn eserlerini ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda sergiler bilen çykyş etmekden ybarat. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy kämilleşdirmekde dizaýnerligiň ýörite tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanyp, öz ugry boýunça ussat hünärmen bolup ýetişmegi üçin taýýarlanylýar.

    Okuwyny tamamlan uçyrymlara dizaýn-suratkeşi, surat we çyzuw mugallymy diýen käri berilýär. Uçurymlar ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, çagalar çeperçilik mekdeplerinde, sungat mekdeplerinde surat we çyzuw mugallymy wezipesinde işläp bilýär. Nakgaşçylyk hünäri boýunça okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.