Krişli saz gurallary

    Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň  konsert-ýerine ýetirijilik tejribesinde iň bir zerur bolan bölümleriň biridir. Bu bölümiň mugallymlarydyr-talyplary diňe bir mekdebimiziň kamera we simfoniki orkestrlerinde çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem welaýatymyzyň dürli saz toparlarynyň düzüminde hem işjeň çykyş edýärler.

    Kirişli  saz gurallary hünäri boýunça skripka, wiolonçel, saz gurallary boýunça   taýýarlanylýar. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.

    Hünärmen   köpçüligiň göwnüni tapmagy, amaly taýdan taýýarlykly, nazary bilimini,   tejribelik endiklerini yzygiderli we üznüksiz kämilleşdirmegi, öz ugrundan toplanan maglumatlary işinde ýerlikli ulanmagy, hünär derslerini häzirki zaman usullaryna   laýyklykda okatmagykonsertlerde  çykyş etmegi, köpçülige ýetirmegi, synp we   okuwçylarynyň ýekelik konsertlerini guramagy, öz saz guraly bilen bir hatarda   fortepiano saz guralynda ýerine ýetirmegi başararlar.

    Orkestriň artisti, çagalar sazçylyk,sungat mekdepleriniň mugallymy -kwartet (ýagny orkestriň kirişli saz   gurallarynda ýerine ýetirýan dört sazandadan ybarat topar), kamera ansambly (kamera sazlaryny ýerine ýetirýän uly bolmadyk topar) dürli orkestr  toparlarynyň illýustratory bolup bilýär.Bölümiň uçurymlaryna orkestriň  artisti,  çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerinde, Medeniýet   ulgamyna degişli bolan edaralarynda hereket edýän simfoniki, kamera we degişli   saz gurallar orkestrlerinde işlemek hukugy berilýär.