Saz mugallymçylygy bölümi umumybilim berýän mekdeplere saz mugallymlaryny taýýarlamak maksady bilen açylýar.
Saz mugallymy hünärinde okaýan hünärmenler umumy bilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda, aýdym-saz döredijilik toparlarynda çagalara saz eserlerini ýerine ýetirmegi öwretmek, wokal ýa-da saz gural eseriniň esasy partiýasyna (heňe) sazandarlyk etmekligi, saz eserlerini asyl görnüşinden ýerine ýetirijiler toparynyň düzümine laýyk täzeden işlemekligi, sungat we bilim ulgamynda çagalar aýdym-saz toparlary bilen konsertlerde çykyş etmegi, köpçülige ýetirmegi, eseriň ýerine ýetirilişine we çeperçilik derejesine baha bermegi, konsert çärelerinde çykyş etmek üçin taýýarlanylýar.
Saz mugallymçylygy hünärini tamamlan uçurymlara orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň aýdym-saz mugallymy kärini almaklygy üpjün edýär. Okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.
