“Bedew batly mekanymyzda ösüşlere beslenýän buýsançlar”

    13.01.2026-njy ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli “Altyn asyr” teleýaýlymyna tegelek stol ýazgy edildi.

    Ýazgyda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa çykyş etdi hem-de gepleşigi Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Umyt Gurbanow alyp bardy.

    Gepleşikde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli ýylyň dowamynda geçirilmegi göz öňüne tutulýan dabaraly çäreler hakynda buýsançly gürrüňler beýan edildi.