14-15.03.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Akderek ýaýlasynda hem-de Gerkez geňeşliginiň Okatan jülgesinde Milli Bahar baýramy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly, söhbetli konsertde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen “Bagşy-sazandalar” topary, “Bagtyýarlyk” tans topary hem-de “Aýdymçylar” topary çykyş etdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçirilen dabaralarda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda al-ýaşyl güllere beslenen Nowruz ýaýlasynyň gözellikleri, bedewlerimiziň waspy, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň sagbolsunlary belent owaz bolup ýaňlandy. Çäreleriň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň ýürek buýsançlary gepleşikler arkaly taýýarlanylyp, “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi.
- May 6, 2026 08:58
- Telefon belgi: +99322267725; +99322267726
