Ýaşlaryň milli ahlak ýörelgelerini kämilleşdirmek

    11.03.2026-njy ýylda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriniň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşyp, talyp ýaşlara ýokarda görkezilen ugurlar boýunça özleriniň öwüt-nesihatlaryny beýan edip, durmuşda ýüze çykýan nogsanlyklaryň birnäçesini mysal getirmek bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň parahat durmuşda ylymly, bilimli, terbiýeli, ahlakly, milli ýol-ýörelgelerimize hormat goýýan ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar.

    Ähli gatnaşyjylar wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda ýaşlaryň ajaýyp döwürde bagtly ýaşamaklary, saýlap alan hünärleri boýunça ylym-bilim almaklary, ahlak kadalaryna eýerip, türkmençiligiň gymmatlygyny dünýäde ýaýyp, döwletimiziň abraýyny şan-şöhrata beslemäge çäksiz şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.